тел/факс +375223378274
email: kancel@baa.by
Адрес: 213410,
Могилевская обл.,
г. Горки, ул. Мичурина, 5
Обратная связь

Taýýarlaýyş bölüme okuwa gelmek üçin ilki bilen ýokary okuw jaýyndan Çakylyk almak gerekdir.

Taýýarlaýyş bölümine orta bilimli daşary ýurt raýatlaryna rus dilini öwretmek we soňky saýlajak hünärine degişli dersler bilen tanyşdyrmak maksady bilen kabul edilýärler. Möhleti 6 aý we 10 aýlykdyr. Taýýarlaýyş bölümini tamamlandan soň talyplara degişli şahadatnamalar berilýär, şol esasynda hem GDA (СНГ) döwletleriniň ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri tabşyrmasyz okuwa kabul edilmegine mümkinçilik berýändir.

Taýýarlaýyş bölüme okuwa girmek üçin giriş synaglary ÝOK.

Resminamalar 1-dekabra çenli kabul edilýär.

Resminamalar:

  • Taýýarlaýyş bölüme okuwa girmek barada arza;
  • Pasport
  • Bolan biliminiň şahadatnamasy (attestat), okan sapaklary, alan bahalary görkezilen bolmaly, rus diline terjimesi bilen bilelikde;
  • Dogluş hakynda şahadatnama + rus diline terjimesi bilen bilelikde;
  • Hassahanadan saglyk barada delilhat, AIDS ýokanç keseli ýokdugy barada delilhat, psihiatriýada, narkologiýada we dermatowenerlogda hasapda durmaýanlygy barada delilhatlar + rus diline terjimesi bilen bilelikde;
  • 6 sany 3x4 surat.